Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

09:1727.07.2022
0
13555

Şu gün Türkmenistanda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr.

Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Maglumat hökmünde, 23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda 16-njy iýulda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň