Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň prawoslaw hristianlaryny Roždestwo baýramy bilen gutlady. «Size parahatçylyk, ýagşylyk, söýgi we abadançylyk arzuw edýäris!» – diýlip, diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilýär.
Nygtalyşy ýaly, esasy hristian baýramlarynyň biri bolan Roždestwonyň gelmegi mynasybetli dini dabaralar Türkmenistanyň ähli 12 prawoslaw buthanalarynda bir wagtda geçirildi.
Häzirki Türkmenistanyň çäklerinde prawoslaw dini çuňňur taryhy köklere eýedir – ilkinji hristian ýeparhiýalary bu ýerde eýýäm biziň eýýamymyzyň IV asyrynda peýda bolupdyr.
Aýratyn hormatlanýan mukaddesliklerden biri Merw jebir edilen ruhany Ioann bolup, ol Rus prawoslaw buthanasy tarapyndan ýurduň asman penaçysy hökmünde ykrar edilendir.