Arhiw

2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň sanawy, hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ugurlary, Kataryň Aşgabatdaky ilçihanasy hyzmatdaşlyga çagyrýar we beýleki habarlar

10:4814.07.2022
0
11700
2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň sanawy, hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ugurlary, Kataryň Aşgabatdaky ilçihanasy hyzmatdaşlyga çagyrýar we beýleki habarlar

1. 11-nji iýulda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek işleri başlandy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döredilen nokatlarda dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda resminamalary tabşyrmagyň möhleti hem-de ýerleşýän ýerleri bilen şu çykgyt boýunça tanşyp bilersiňiz.

2. «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy Burun käninde (Balkanabat) gaz guýularynyň geofiziki barlag (karotaž) enjamynyň operatory wezipesi boýunça hünärmeniň işe çagyrylýandygyny mälim etdi. Maglumatnamany kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda ýerleşýän merkezinden alyp bilersiňiz.

3. Katar döwletiniň Aşgabatdaky ilçihanasy üpjünçilik, tehniki hyzmatlar we beýleki hyzmat ugurlary boýunça türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýändigini belledi. Has anyk maglumat almak üçin telefon belgisi: +99312 28 15 50.

4. Türkmenistanda «Internet-banking» hyzmatyny ulanyjylaryň sany boýunça «Daýhanbank» DTB birinji orny eýeledi. 2022-nji ýylyň iýun aýy boýunça banklaryň bu hyzmatdan peýdalanýan müşderileriniň sanawynyň tertibi: «Daýhanbank» (318,3 müň sany resmileşdirilen ulanyjy), «Türkmenistan» (261,3 müň ulanyjy) we «Türkmenbaşy» (318,3 müň ulanyjy).

5. Türkmenistanda daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň bilim hakyndaky diplomyny tassyklatmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy.

6. I like to move it, move it: hereketsiz durmuş ýörelgesi bilen göreşmegiň 8 usuly.

7. Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesiniň okuw maksatnamalaryna täze ugurlar giriziler.

8. «Apple» kompaniýasy iOS 16 operasion ulgamynyň täzelenen nusgasynyň hemmelere elýeterli bolan «beta» görnüşini tanyşdyrdy. Ony telefonlary meňzeş ulgamda işleýän ähli ulanyjylar, hatda öndürijiniň akkaunty bolmasa-da peýdalanyp bilerler. iOS 16 operasion ulgamyna täze şrifti, reňk sazlaşygy we goşmaça sazlamalary bolan ekran gulpunyň giňeldilen mümkinçilikleri, täzelenen duýduryş ulgamy we beýleki täzelikler girizildi.

9. «Hansons Auctioneers» auksionynda wampirleri awlamak üçin toplum 16 900 funt sterlinge ($20 000) satyldy. Lordlar palatasynyň XIX asyrda ýaşap geçen agzasyna degişli bolan toplum bütin dünýäden satyn alyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Gapagynda iki sany latun haç şekillendirilen sandyjak iki sany sapança, däri üçin mis gap, keramatly suw saklanýan çüýşeler, got dilinde ýazylan Injil, agaçdan çekiç, gazyk, mis şemdanlar, tesbi we XIX asyra degişli bolan polisiýa resminamalaryny saklamak üçin ulanylypdyr.

10. Türkmenistanda sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede guramak boýunça guramalçylyk topary döredildi. Dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

11. Türkmenistanly grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň 5-nji Halkara açyk küşt çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň