Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow «Kaganatyň» baş tälimçisi hökmünde gazanan ilkinji ýeňşinden soňra öz pikirlerini paýlaşdy

10:3211.07.2022
0
7819

«Kaganatyň» baş tälimçisi Röwşen Meredow öz toparynyň Gyrgyzystanyň çempionatynyň çäklerinde «Nur-Batkeniň» üstünden gazanylan ýeňşi baradaky pikirlerini paýlaşdy. Duşuşyk 4-1 hasabynda tamamlanyp, «Kaganat» Meredowyň tälim bermegindäki ilkinji ýeňşini gazandy.

«Pursatdan peýdalanyp, ähli musulmanlary Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Ata Watanym Türkmenistana gyzgyn salamymy ýollaýaryn.

Oýnuň gidişi barada aýtsak, duşuşyk agyr geçdi, çekeleşikli geçen göreş üçin garşydaş topara minnetdarlyk bildirýärin. Hasap oýna mynasyp bolmady. Biz garşydaşdan tapawutlylykda, öz mümkinçiliklerimizden netijeli peýdalandyk. Ýaş oýunçylarymyz özlerini oňat tarapdan görkezdiler. Dogry, oýnuň soňunda az-kem arkaýynlaşdyk we gereksiz ýalňyş sebäpli gol geçirtdik.

Biz assa-ýuwaş öz oýnumyzy gurýarys. Meniň özüm bu ýerde bolmadyk bolsam-da, ýylyň başyndan bäri uzak aralykdan dolandyrmak arkaly toparda işleýärin. Biziň işimiz möwsüm bilen bilelikde başlandy. Toparyň ýolbaşçylary geljek üçin niýetlenen topary döretmek üçin tagalla edýärler. Bizde, esasan, 18-19 ýaşly ýaş oýunçylar oýnaýarlar. Biziň esasy wezipämiz — Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy üçin oýunçylary taýýarlamak.

Transferler barada durup geçsek, biz degişli işleri alyp barýarys. Ýöne kesgitli bir zat aýtmaga heniz ir. Transfer penjiresi açylýar, biz onuň dowamynda topara nämeleriň peýdaly we gowy boljakdygyna seredip, degişli çäreleri göreris» diýip, Röwşen Meredow oýundan soňra Kyrgyz Sport TV teleýaýlymyna beren interwýusynda öz pikirlerini beýan etdi.

Düýn Röwşen Meredowyň «Kaganat» toparyna baş tälimçi bellenilendigini ýatladýarys.

Maglumat üçin, Röwşen Meredow 2020-nji ýylda dünýäniň islendik milli ýygyndysynda we toparlarynda tälimçilik etmäge hukuk berýän AFK-nyň PRO tälimçilik ygtyýarnamasy üçin synaglary üstünlikli tabşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň