Arhiw

Röwşen Meredow ― PRO derejeli tälimçi

22:4516.12.2020
0
8984

38 ýaşly hünärmen Röwşan Meredow AFK-nyň PRO tälimçilik ygtyýarnamasynyň synaglaryndan üstünlikli geçdi. Bu ygtyýarnama tälimçilere dünýäniň islendik ýerindäki milli ýygyndylara we futbol toparlaryna tälim bermäge mümkinçilik bagyşlaýar.

"Türkmenportal"-a mälim bolşy ýaly, Röwşen Meredow ýörite okuwlary FIFA-nyň AAFK-nyň tejribeli bilermenleriniň ýolbaşçylygynda geçdi.

2016 ― 2019-njy ýyllar aralygynda «Ahal» futbol toparyna tälim beren Röwşen Meredow baş tälimçi bolup işlän ilkinji toparynda ― HTTu-nyň başynda 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna mynasyp bolupdy.

PRO derejeli ygtyýarnama türkmen tälimçilerine ilkinji gezek 2011-nji ýylda berlip başlandy. Ildeşlerimizden Baýram Durdyýew we Röwşen Muhadow bu ygtyýarnamanyň ilkinji türkmenistanly eýeleri boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň