Soňky habarlar

Arhiw

«Inter» «Milany» ýeňip, wagtyndan ozal Italiýanyň çempiony boldy

09:4823.04.2024
0
4588

Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da çempion belli bolup, derbi duşuşygy möwsümiň ýeňijisini kesgitledi. 33-nji tapgyrň jemleýji duşuşygynda 2-nji ýerdäki «Milan» Juseppe Meazza stadionynda sanawyň lideri «Interi» kabul etdi. 14 utuk öňde barýan «Interiň» ýeňiş gazanan halatynda çempionlygyny yglan etjek duşuşygy hut şeýle hem bolýar. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda Açerbi (18) «Interi» öňe saýlady. 2-nji ýaryma-da gol bilen başlan «Interde» Markus Turam 49-njy minutda hasaby 2-0-a çykardy. Oýnuň soňky minutlarynda Tomoriniň goly «Milana» köne bäsdeşiniň derbide çempionlyk gazanmagynyň öňüni almak üçin ýeterlik bolmady. Duşuşygyň ahyrlary has hem dartgynly geçip, «Milanda» Teo Hernandes bilen Kalabria, «Interde» Dumfris gyzyl kart aldy.

Şunlukda, soňky 6 oýunda «Milany» ýeňen «Inter» çempionatda utuk aratapawudyny 17-ä çykaryp, möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda çempionlygyny yglan etdi. Bu olaryň 20-nji çempionlygy bolup, «Inter» topary köýnekçesine 2-nji ýyldyzyny dakar. «Inter» topary çempionlykda «Ýuwentusdan» (36) yzda bolup, «Milandan» (19) 1 çempionlyk öňe saýlandy. Toparyň tälimçisi Simone Inzagi bolsa tälimçilik karýerasyndaky ilkinji çempionlygyny gazandy. Ol futbolçylyk ýyllarynda-da «Lasio» bilen bir gezek çempionlyk derejesini eýeläpdi.

«Milanyň» tälimçisi Stefano Pioli şäher derbisinde 15 oýunda 10-njy gezek «Interden» asgyn geldi. «Milan» topary bassyr 2-nji möwsümi kuboksyz tamamlaýar.

SalamNews Link: https://salamnews.tm/news/blog/inter-v-20-i-raz-stal-chempionom-italii-po-futbolu-2cc0ed

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň