Türkmenistanly hünärmen Röwşen Meredow Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Kaganat» toparynyň baş tälimçiligine bellenildi. Bu barada şu gün toparyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
«Röwşeniň futbol dünýäsinde ajaýyp üstünlikleri, täzeçil pikirleri, «Kaganatyň» baş tälimçisi wezipesinde üstünlikli ulanmagy maksat edinýän ägirt uly tejribesi we başarnygy bar» diýlip, habarda bellenilýär.
Röwşen Meredowyň mundan ozal «Ahal» toparyna 2016-2019-njy ýyllarda tälim berendigini ýatladýarys. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabadyň HTTU topary bilen AFK-nyň Prezidentiniň Kubogyny eýeläp, ilkinji halkara üstünligini gazanypdy.
Röwşen Meredow 2020-nji ýylda dünýäniň islendik milli ýygyndysynda we toparlarynda tälimçilik etmäge hukuk berýän AFK-nyň PRO tälimçilik ygtyýarnamasy üçin synaglary üstünlikli tabşyrypdy.
Maglumat üçin, türkmen tälimçisiniň täze topary «Kaganat» häzirki wagtda 17 utuk bilen Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda 7-nji ýerde barýar.
«Kaganat» futbol kluby 2018-nji ýylda Oş şäherinde esaslandyrylýar. Bu klub Gyrgyzystanyň iň iri futbol akademiýalarynyň biri bolan Asyl Momunow adyndaky Futbol Akademiýasynyň esasy toparydyr. «Kaganat» futbol kluby özüniň öý duşuşyklaryny 12 müň tomaşaça niýetlenilen Oş şäheriniň Ahmatbek Suýumbaýew adyndaky Merkezi stadionynda geçirýär. Bu topar «Kaganat Inwest» kompaniýasyna degişlidir.

