Arhiw

Russiýa Türkmenistana 81 000 tonnadan gowrak armatura iberer, Aşgabatda «Ýylyň mugallymy» yglan edildi, «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi badalga aldy we beýleki habarlar

11:2408.07.2022
0
41353

1. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy «Nowostal-M» Metallurgiýa holdinginiň «Balakowo metallurgiýa zawody» paýdarlar jemgyýeti (Russiýa Federasiýasy) bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, rus kompaniýasy Türkmenistana 81 420 tonna armatura iberer.

2. Daşoguz welaýatynda Şasenem derýasynyň uzynlygy 100,2 km we umumy göwrümi sekuntda 60 kubmetre deň bolan, süzülmä garşy örtük bilen örtülen täze şahasynyň gurluşygyna girişmek meýilleşdirilýär.

3. Aşgabatda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Tehniki ulgamlaryň awtomatikasy kafedrasynyň uly mugallymy Baýram Jumaýew mynasyp boldy.

4. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary Luwrda köpçülige ýetiriler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi esasan Ulugdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylary görkezmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen-fransuz arheologik topar iş alyp barýar.

5. Şahruh Han uzak arakesmeden soň kino dolanýar. Hindi kino ýyldyzy «Jawan» atly täze filmde baş gahrymanyň keşbini janlandyrar. Kino Mumbaýda surata düşürilýär. Kinorežissýor Etliniň täze eseriniň 2023-nji ýylyň iýulynda köpçülige ýetirilmegine garaşylýar.

6. Mekgä haj parzyny ýerine ýetirmek üçin baran musulmanlaryň sany milliona ýetdi. Bu COVID-19 pandemiýasynyň başlanan döwründen bäri iň köp adamly hajdyr. Üstümizdäki ýylda Saud Arabystanynyň Hökümeti haj üçin koronawirusa garşy azyndan iki sanjym alan 65 ýaşa çenli zyýaratçylary kabul etdi, şeýle hem Uly metjidiň içinde hökmany örtük dakynmak düzgünini girizdi.

7. Astrahanda «Ýüpek ýoly» ralli-reýd ýaryşynyň badalga almagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýaryşa 60-dan gowrak topar gatnaşýar, şolaryň hatarynda türkmen, belarus we gazak sürüji türgenler hem bar. Awtosportyň janköýerleriniň we bilermenleriň esasy ünsüniň ýük ulaglaryndadygyny bellemek gerek, şolaryň hatarynda ýyldyz topar «KAMAZ-master» nobatdaky ýeňşini gazanmak üçin ýola düşdi. «Ýüpek ýoly-2022» rallisiniň ugry tutuşlygyna Russiýanyň çäginden geçýär. Sürüji türgenler 4500 kilometr ýoly aşarlar. 16-njy iýulda ýaryşyň ýeňijileri Moskwadaky pellehana münberini kesip geçerler.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 2022-nji ýylyň 25-31-nji iýuly aralygynda Rimde (Italiýa) harby okuwçylaryň arasynda (U17) geçiriljek sport göreşi boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Türkmenistana erkin göreş boýunça Azymberdi Aşyrgulyýew (45 kg çenli agram derejede), Ysmaýyl Muhammedow (55 kg çenli), Alp Arslan Begenjow (65 kg çenli) we Parahat Ataýew (80 kg çenli agram derejede) wekilçilik ederler.

9. «Traktoryň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew topary bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi. Futbolçylar türkmen tälimçiniň ýolbaşçylygynda futbol boýunça Eýranyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp başladylar. Eýranyň Pro-ligasy 2022/2023 11-nji awgustda badalga alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň