Soňky habarlar

Arhiw

Şahruh Han kino dolanýar

17:3107.07.2022
0
10219
Şahruh Han kino dolanýar
Surat: indiatvnews.com

Hindi kinosynyň ýyldyzy Şahruh Han «Juwan» atly täze filmde baş keşbi janlandyrar, filmiň surata alnyşy golaý günlerde Mumbaý şäherinde başlanar. Bu barada «timesofindia.indiatimes.com» saýty ýazýar.

Aktýor filmde Günorta Hindistanyň kino ýyldyzy Wijaý Setupati bilen bile garşylykly keşplerde çykyş eder.

Filmiň režissýory Atli «Juwanyň» tomaşaçylary haýran galdyrjakdygyny wada berýär. «Juwan» 2023-nji ýylyň iýunynda ekranlara çykmaly, ol tamil, telugu, malaýalam we kannada dillerinde ekranlara goýberiler.

Ýeri gelende aýtsak, bu film aktýoryň 4 ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji keşbidir. Ol soňky gezek 2018-nji ýylda «Nol» filminde çykyş edipdi.

Munuň öňýany aktýor Madnawanyň «Rocketry: The Nambi Effect» atly filminde çaklaňja keşpde göründi, emma şunuň özi-de onuň muşdaklarynyň arasynda uly şowhun döretdi. Internet torlarynda bu barada aktýoryň janköýerleriniň biri: «Men 42 aý 184 hepde 1288 gün 30898 sagat 1853901 minut 111234082 sekuntlyk arakesmeden soňra ŞRK-a ekranda tomaşa edýärin» diýip, şatlygyny paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň