Turkmenportal logo
08.07.22
1314213142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«KAMAZ-master» topary «Ýüpek ýoly 2022» rallisinde badalga aldy

Astrahanda «Ýüpek ýoly» ralli-reýd ýaryşynyň badalga almagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýaryşa 60-dan gowrak topar gatnaşýar, şolaryň hatarynda türkmen, belarus we gazak sürüji türgenleri hem bar.


Awtosportyň janköýerleriniň we bilermenleriň esasy ünsüniň ýük ulaglaryndadygyny bellemek gerek, şolaryň hatarynda ýyldyz topar «KAMAZ-master» nobatdaky ýeňşini gazanmak üçin ýola düşdi.


«Ýüpek ýoly-2022» rallisiniň ugry tutuşlygyna Russiýanyň çäginden geçýär. Sürüji türgenler 4500 kilometr ýoly aşarlar, şol ýoluň 2800 kilometri bolsa ýörite sport zolaklarydyr. 16-njy iýulda ýaryşyň ýeňijileri Moskwadaky pellehana münberini kesip geçerler.



Astrahanyň çägeliklerini we Kawkazyň ýörite daglyk zolaklaryny dört sany «KAMAZ-master» topary geçer:


  • Dmitriý Sotnikow («Ýüpek ýoly» rallisiniň geçen ýylky çempiony) – Ruslan Ahmadeýew – Ilgiz Ahmetzýanow;
  • Eduard Nikolaýew – Ýewgeniý Ýakowlew – Bogdan Karimow;
  • Andreý Karginow – Andreý Mokeýew – Iwan Malkow;
  • Sergeý Kupriýanow – Aleksandr Kupriýanow – Sergeý Krenew.

Eduard Nikolaýew we Dmitriý Sotnikow K5 görnüşine degişli bolan täze «KAMAZ-435091» sport ýük ulaglaryna sürüjilik edýärler. Sergeý Kupriýanowyň topary ýangyç hökmünde gaz-dizel garyndysyndan peýdalanýan «KAMAZ» ýük ulagynda çykyş edýär, Andreý Karginow bolsa ýyllaryň synagyndan geçen «KAMAZ-43509» kysymynda ýoluň kynçylyklaryna döz geler.



Ýeňijilik ugrunda ýük ulaglarynyň arasynda «KAMAZ-mastere» «MAZ-SPORTawto» belorus toparynyň we «GAZ Reýd Sport» rus toparynyň wekilleri garşydaşlyk ederler.


Ýatlatsak, Naberežnyýe Çelny şäheriniň toparynyň dünýä sportynyň «Olimp dagynyň» depesine çykmagy 1988-nji ýylda Polşada geçirilen «Ýelç» rallisine gatnaşmagy bilen başlandy. Hiç kim Russiýanyň adyndan ilkinji gezek çykyş edýän toparyň ýaryşda kümüş medala mynasyp bolmagyna, soňra bolsa «KAMAZ-master» ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanmagyna garaşmaýardy. Şondan bäri rus sürüjileri üç gezek dünýä Kubogyna mynasyp boldular we 9 gezek «Ýüpek ýoly» supermarafonynda ýeňiş gazandylar.