Soňky habarlar

Arhiw

Mekgede COVID-19 ýokanjyndan soňra iň köpçülikleýin haja garaşylýar

15:4207.07.2022
0
4883
Mekgede COVID-19 ýokanjyndan soňra iň köpçülikleýin haja garaşylýar
Surat: orangesmile.com

Musulman zyýaratçylary Mekgä gelýärler, penşenbede resmi taýdan haj başlanýar diýip, Ýakyn Gündogar habar beriş gulluklary ýazýar.

Bu ýyl 1 million töweregi adamyň haja gelmegine garaşylýar, olar koronawirusa garşy doly sanjym alanlardyr. Olaryň 850 müňüsi Saud Arabystanyna beýleki ýurtlardan geldiler.

Haja 65 ýaşa çenli, sanjym alan musulmanlar goýberildi, şeýle-de onlaýn-lotereýa oýny arkaly ýeňiji bolanlara haja gelmäge mümkinçilik döredildi. Daşary ýurtlular sapara gelmezden öň 72 sagatdan gowrak wagtyň dowamynda koronawirus test barlagynyň netijenamasyny görkezmelidir.

Bu ýyl hajyň ýokanç başlanany bäri iň köpçülikleýin boljakdygyny belleýärler. Emma zyýaratçylaryň sany pandemiýadan öňki döwürden az bolar, şol wagt ýurda ortaça 2,5 million musulman zyýaratçylar geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň