Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşüriler we beýleki habarlar

10:2015.06.2022
0
12692

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna geldi

2. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat – Moskwa ugry boýunça ýolagçy uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary 17-nji iýunda sagat 10:00-da Aşgabatdan uçar.

3. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna üýtgeşme giriziler, has takygy, mekdep uçurymlaryna degişli goşmaça bent goşular. 18 ýaşly mekdep okuwçylary güýzki çagyryş möwsümine çenli harby gullugyň möhletini yza süýşürmäge hukuk gazanarlar.

4. Geçen ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 1 mln tonnadan geçdi we takmynan $300 mln amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji ondan öňki ýyldakydan 79% köpdür.

5. Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda ilkinji gezek «K-Pop 2022» festiwalynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Aýdym-sazly konsert 16-njy iýunda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda geçiriler.

6. Türkmenistanda mekdebe çenli, umumy orta, ýörite orta, hünär döwlet bilim edaralarynyň mugallymlarynyň hünär synaglarynyň tertibi tassyklandy.

7. 15-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergiler merkezinde meşhur türkmen heýkeltaraşy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň sergisi açylar.

8. «Amazon» korporasiýasy ABŞ-de ýükleriň daşalyşyny dronlar arkaly amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Kaliforniýa ştatynyň Lokford şäheriniň ýaşaýjylary «Prime Air» arkaly bu hyzmatdan ilkinjileriň hatarynda peýdalanarlar.

9. Aktýor Jonni Deppiň «Plaksa» filminiň surata düşürilýän pursatlary dolandyran 1955-nji ýylda öndürilen «Harley Davidson Model K» motosikli auksiona çykarylar. Onuň başlangyç bahasy $250 000. Geň ýeri, «Harley Davidson-yň» täze eýesi onuň ulanyşa degişli däl bolanlygy sebäpli öz maksady boýunça ulanyp bilmez.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatyna çykmak üçin saýlama tapgyr duşuşygynda Bahreýniň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Kuala-Lumpuryň «Bukit Jalil» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 23-nji minutda hüjümçi Abdulla Ýusuf Helal 11-metrlik urgusy arkaly geçirdi. Şeýlelikde, Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy «E» toparyň üçünji ornuna düşdi we Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatynda çykyş etmek mümkinçiliginden mahrum boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň