Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler

16:4014.06.2022
0
5859
Aşgabatda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler
Surat: turkmenistan.gov.tm

15-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» ady bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň hem-de onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler.

Sergide dürli temalarda döredilen 300-den gowrak eser görkeziler.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew Magtymguly adyndaky halkara baýragyna iki gezek mynasyp bolmagy başardy.. Oňa 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» ady hem berildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň halk suratkeşi häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde, ýagny «Saglyk ýolunyň» golaýynda ýerleşýän tebigy depäniň üstünde gurulýän beýik türkmen şahyry, gündogar edebiýatynyň görnükli wekili we filosofy Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik ýadygärliginiň üstünde işleýär.

Sergi 15:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň