Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer Ç.Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hormatly Prezidente Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Soňra nusgawy türkmen şahyrynyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän diwar ýazgysynyň görnüşleri hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezident medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly nusgawy şahyryň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany medeni-seýilgäh toplumyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.
Hormatly Prezident Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi, hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, ony abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de toplumyň giň çäkleriniň ýanaşyk ýerleriniň arassaçylygyny saklamaga degişli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany toplum bilen tanyşlygynyň dowamynda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we olary ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.