Turkmenportal logo
14.06.22
1458314583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyny tamamlady
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda şu gün üçünji duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda türkmen futbolçylary Bahreýniň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn geldiler.


Ýeke-täk pökgini 23-nji minutda Abdulla Ýusuf Helal 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.


Şeýlelikde, saýlama tapgyrda Malaýziýanyň we Bahreýniň ýygyndylaryndan asgyn gelip, diňe Bangladeşiň ýygyndysyny ýeňip bilen türkmen ýygyndysy indiki ýyl geçiriljek yklym ýaryşyna gatnaşmak hukugyny ýitirdi.