Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 21-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag-logistika infrastrukturasy we logistika aragabaglanyşygy meselelerine-de degip geçdiler. Şeýle-de duşuşykda Ermenistanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.