Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Aziýa-2027 Kubogynyň saýlama ýaryşyny Hytaýyň Taýbeýine garşy oýnamak bilen başlar. Duşuşyk 25-nji martda Gaosýunda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen 15:30 başlanar.
Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy D toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Taýland we Şri-Lankanyň ýygyndylary hem bolar.
Saýlama oýunlaryň çäklerinde Mergen Orazowyň topary alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Alty saýlama toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.