Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy.
Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginine eýedigini hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketleri barada durup geçip, diplomatlar Durnukly ösüş maksatlarynyň öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmakda ýurduň oňyn Bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şu nukdaýnazardan, taraplar halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi barada meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň binasynda bilelikde maslahat geçirmegi teklip etdi.
Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar hökümetara toparlar bilen baglanyşykly meseleleri gozgadylar. Olaryň işlerini güýçlendirmek zerurlygy, şeýle hem «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, taraplar bu taslamanyň ýakyn wagtda iň meşhur geçelgeleriň birine öwrüljekdigi barada ylalaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, rumyn tarapy agzalan taslamanyň Rumyniýanyň Hökümedi tarapyndan hem öňe sürülýändigini belläp, 2025-nji ýylyň dowamynda Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň we ulag ministrleriniň bilelikdäki maslahatyny guramagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi.