Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kazyýetleri şaýatlary wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler, «Awazada» dynç almak üçin rugsatnamany onlaýn görnüşde almak mümkinçiligi döredildi, ýakyn günlerde Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getiriler we beýleki

11:0014.05.2022
0
15546

1. Türkmenistanyň kazyýetleri raýat işleri boýunça şaýatlary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly sorag edip bilerler. Bu täze usul raýat iş ýörediş kanunçylygynda ozal peýdalanylmaýardy.

2. «Awazada» dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk zolagyna gitmek üçin elektron rugsatnamany Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda resmileşdirip bilerler. Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige alynmak, şahsy maglumatlaryňyzy girizmek, dynç almagy meýilleşdirýän myhmanhanaňyzyň adyny we dynç alşyň möhletini görkezmek zerurdyr. Ýatlatsak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi 15-nji maýda açylar we 1-nji sentýabra çenli dowam eder.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny Watanymyza getirmek üçin 14-nji maýda nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrar. T5 3922 ugry boýunça uçuşy amala aşyrjak ýolagçy uçary ýerli wagt bilen 04:00-da Türkmenabada gelip gonar.

4. Maý aýynyň birinji on gününde Aşgabatda 30 mm-den gowrak ýa-da aýlyk ýagyn mukdarynyň (normasynyň) 136,5 % möçberinde ýagyn ýagdy. Geçen aprel aýynda bolsa ýiti ýagyn ýetmezçiliginiň duýlandygyny bellemek gerek. Bütin hepdäniň dowamynda çabgaly we gysga wagtlaýyn ýagyşlar ýagdy.

5. «App Store» onlaýn dükanynda Türkmenistanyň radioýaýlymlaryny diňlemek üçin mobil goşundy ulanyjylara ýetirildi. Ulanyjylar islendik wagt «Owaz», «Watan», «Çar tarapdan» we «Miras» radioýaýlymlaryny tölegsiz diňläp bilerler.

Dünýäde

1. 13-nji maýda BAE-niň Prezidenti şeýh Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy. Ýurtda 40 günlük milli ýas günleri yglan edildi, bu möhletiň dowamynda Döwlet baýdaklary az-kem aşak düşürilip, ýas görnüşinde saklanar. Şeýle hem üç günüň dowamynda ähli minstrliklerde, dolandyryş edaralarynda hem-de döwlet derejesindäki, ýerli we hususy guramalarda iş güni däl diýlip yglan ediler.

2. Pi sany 64 ýaşly amerikaly barmene lotereýadan $578,8 müň amerikan dollaryny utmaga ýardam etdi. Matematikany gowy görýän Jonatan Rubi $1 dollara lotereýa petegini satyn alypdyr we oňa Pi sanynyň yzygiderliligini ýazypdyr.

Sport habarlary

1. 13-15-nji maý aralygynda Almatyda ýetginjekleriň we harby okuwçylaryň arasynda dzýudo boýunça Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionat geçiriler. Bäsleşige Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we ABŞ-dan 270 türgen gatnaşar. Türkmenistana 13 sany dzýudoçy wekilçilik eder.

2. Aşgabatda futbol boýunça duşuşyklaryň üçünji tapgyry geçirildi. Ähli duşuşyklar deňme-deň hasabynda tamamlandy. «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» oýny 3:3 hasabynda tamamlanyp, iki topar hem deň utuk gazandy. «Aşgabadyň» we «Ahal-2-niň» oýny 0:0 hasabynda golsuz tamamlandy. Üç tapgyryň jemleri boýunça «Altyn asyr» öňdeligi saklaýar.

3. 19-njy maýda Aşgabatda ýerleşýän Halkara IT Akademiýasy CS:GO we Dota 2 oýunlaryny professional derejede oýnamak isleýänleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Çäre sagat 18:00-da başlanýar, giriş mugt. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21 04 99.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň