Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 12 günüň dowamynda 136,5% ygal düşdi

15:3413.05.2022
2
18998

Aşgabatda heniz maý aýynyň ýarysy-da geçmänkä, 31,4 mm ýa-da aýlyk kadadan artyk — 136,5% ygal düşdi. Muňa garamazdan, aprel aýynda paýtagtda ýagyn örän az bolupdy.

Aýratyn-da, aýyň 11-inden 12-sine çenli has güýçli ýagyş ýagyp, bu çabgalaryň netijesinde 12-nji maýda 12,4 mm (her inedördül metr ýere 12,4 kilogram suw) ygal düşdi diýip, meteojournal neşiri habar berýär. Çeşmede bellenilişi ýaly, şäherde soňky birki günüň dowamynda hem gysga wagtlyk ýagyşlar yzygiderli ýagýar.

Aýyň geçen 12 gününiň dowamynda ýurduň ähli sebitlerinde hem ýagyş ýagyp, käbir etraplarda, mysal üçin Serdar etrabynda (Gyzylarbat) aýlyk kadadan hem 3 esse köp diýen ýaly ýagyş ýagdy.

Bu ýylyň aprel aýy 1891-nji ýyldan bäri yssy hasap edilýän 4-nji aý bolýar. Maý aýynda bolsa howa temperaturasynyň adatdakydan pes bolandygyny bellemeli. Häzirlikçe bu günleriň iň yssysy 6-njy maý (+34,2) hökmünde hasaba alyndy. Beýleki günler bolsa gündizki ýokary temperatura ortaça 21о-22о, gije-gündiziň has pes temperaturasy bolsa takmynan +15о -a barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň