Turkmenportal logo
13.05.2022
63656365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dzýudoçylary ýaşlaryň we kadetleriň arasynda Almatyda geçiriljek Aziýanyň Kubogy ýaryşyna gatnaşarlar

13 — 15-nji maý aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýaşlaryň we kadetleriň arasynda dzýudo boýunça Aziýanyň Kubogy ýaryşy geçirilýär. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Aziýanyň Kubogy ýaryşynda 2005-2006-njy hem-de 2002-2004-nji ýyllarda doglan dzýudoçylar ýaryşarlar.


Bu ýaryşa Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we ABŞ-dan jemi 270 türgen gatnaşar. Ýaryşda Türkmenistandan 13 dzýudoçy çykyş eder.


Ýaryşlarda ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenler Halkara dzýudo federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda dünýä reýtinginde utuk gazanarlar.