Turkmenportal logo
13.05.22
1508115081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan aradan çykdy
BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan aradan çykdySurat: crimea.ria.ru

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda aradan çykdy. Bu barada emirligiň resmi web saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, BAE-niň Prezident işleri boýunça ministri ýurtda 40 günlük ýaş yglan etdi we ýurduň ähli ministrliklerinde, pudak edaralarynda, şeýle-de federal, ýerli we hususy guramalarda işler üç günlük togtadylar.


2004-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýanyň BAE-niň Prezidenti we Abu-Dabiniň dolandyryjysy wezipesine saýlanandygyny bellemek gerek. Ol Şeýh Zaýediň uly ogludyr.