Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlar dowam etdi.
Üçünji tapgyryň iki oýny hem deňlik ýagdaýynda tamamlandy. Bu tapgyryň çäginde «Köpetdag» bilen duşuşan «Altyn asyr» 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyryň beýleki duşuşygynda güýç synanyşan «Aşgabat» bilen «Ahal-2» toparlarynyň geçiren duşuşyklary 0:0 hasabynda deňlik ýagdaýynda tamamlandy.
«Altyn asyr» üç tapgyryň netijesinde 7 utuk toplap öňdeligi eýeläp gelýär. Topar Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda üç tapgyrynda hem ýeňilmän gelýär.
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşda ikinji orny 5 utugy bolan «Köpetdag» eýeleýär. «Aşgabat» bilen «Ahal-2» toparlary geçiren oýunlaryndan soň 1 utukdan topladylar.
Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşyň dördünji tapgyry 14-nji maýda geçiriler. Onda «Köpetdag» bilen «Ahal-2», «Altyn asyr» bilen bolsa «Aşgabat» toparlary duşuşar.
Belläp geçsek, futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda geçirilýän ýaryş 10-njy maýda badalga aldy. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň ählisi iki tapgyrda biri-birleri bilen duşuşyk geçirenlerinden soň, iki topar jemleýji final tapgyrda baş baýrak ugrunda bäsleşer. Utuk sany az bolan toparlaryň ikisi bolsa üçünji ýer üçin duşuşarlar.
Ýaryş 18-nji maýda tamamlanar.
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň netijeleri:
- «Ahal-2» — «Aşgabat» — 0:0
- «Köpetdag» — «Altyn asyr» — 3:3