Turkmenportal logo
10.05.22
84568456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» we «Köpetdag» Aşgabadyň kubogyna ýeňiş bilen başlady
«Altyn asyr» we «Köpetdag» Aşgabadyň kubogyna ýeňiş bilen başlady

«Aşgabat» stadionynda geçirilen goşa duşuşyk bilen futbol boýunça Aşgabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi.


Arzyly kubok üçin «Altyn asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» we «Ahal-2» toparlarynyň ýaryşýandygyny habar beripdik. Olaryň üçüsi Türkmenistanyň Ýokary ligasyna wekilçilik edýär.


Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» «Aşgabady» 5:2 hasabynda ýeňdi. «Köpetdag» bolsa «Ahalyň» ýaşlar düzümini 2:0 hasabynda ýeňdi.


Ýaryş 11-nji maýda «Aşgabat» ― «Köpetdag» we «Altyn asyr» ― «Ahal-2» duşuşyklary bilen dowam eder.