Soňky habarlar

Arhiw

«Awazada» dynç almak isleýän türkmenistanlylar migrasiýa gullugyndan elektron rugsatnama alarlar

11:3013.05.2022
0
70139
«Awazada» dynç almak isleýän türkmenistanlylar migrasiýa gullugyndan elektron rugsatnama alarlar

«Awazada» dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk üçin elektron rugsatnama resmileşdirmelidirler. Bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda ýola goýuldy.

Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige alynmak, şahsy maglumatlaryňy girizmek, dynç almagy meýilleşdirýän myhmanhanaňyzyň adyny we dynç alşyň möhletini görkezmek zerurdyr.

Maglumatlar girizilenden soňra olar migrasiýa gullugy tarapyndan seljerilýär.

Seljerme tamamlanandan soňra elektron rugsatnama şahsy otagyňyza iberilýär.
Şeýle-de Hazar deňziniň kenarynda dynç almak üçin ýollanma we elektron rugsatnamadan başga-da, koronawirus ýokanjyna garşy waksinasiýa geçirilendigi hakynda resminamanyň hem talap edilýändigini ýatladýarys.

Üstümizdäki ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabra çenli dowam eder.

Ozal habar berlişi ýaly, «Awazada» dynç alşy guramak boýunça ýöriteleşdirilen Dolandyryş merkezi döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň