Soňky habarlar

Arhiw

Awazada dynç alyş möwsümi 15-nji maý – 1-nji sentýabr aralygynda dowam eder

21:1907.05.2022
0
21084

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has-da amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, dynça alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle-de resminama bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenilen tertipde tassyklamak, Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy – 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.

«Türkmenportalda» habar berşimiz ýaly, düýn – 6-njy maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini şu ýylyň 15-nji maýyndan başlap guramak baradaky teklibini hormatly Prezidentiň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklibi makullap, ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň, raýatlaryň zähmet rugsady döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, jogapkär adamlaryň ählisine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tertibe salmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.

5-nji maýda bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Awazada tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň