Soňky habarlar

Arhiw

Awazada 15-nji maýdan başlap dynç alyş möwsümi açylar

23:3106.05.2022
0
38238

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň tekliplerini hormatly Prezidentiň garamagyna hödürledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklipleri makullady.

Hususan-da, döwlet Baştutany ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň, raýatlaryň zähmet rugsady döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, jogapkär adamlaryň ählisine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tertibe salmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.

«Türkmenportalda» habar berşimiz ýaly, 5-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Awazada tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň