Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BAE we Germaniýa howa gatnawyny pandemiýadan ozalky tertibinde ýola goýýar

23:1206.05.2022
1
75536

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly, ýola goýmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutany teklibi makullap, halkyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň