Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022 ýaryşyna çykmagy başardy, TSTB-2022 sergisine gatnaşyjylar öýlerine mugt äkidildi, Türkmenistandan RF we Türkiýä ýörite gatnawlar bildiriş edildi we beýleki täzelikler

10:5613.04.2022
0
5563
Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022 ýaryşyna çykmagy başardy, TSTB-2022 sergisine gatnaşyjylar öýlerine mugt äkidildi, Türkmenistandan RF we Türkiýä ýörite gatnawlar bildiriş edildi we beýleki täzelikler

1. Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Maldiwleriň ýygyndysyny 7:0 hasabynda ýeňmegi başardy we ikinji orundan ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aziýanyň Kubogy – 2022 25-nji sentýabrdan 25-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.

2. Onlaýn taksi hyzmaty Aşgabatda marketing aksiýasyny başlatdy. Aksiýanyň çäklerinde TSTB-2022 sergisine gatnaşyjylar mobil priloženiýany telefonyna ýükläp, öýüne mugt gidip bilýärler.

3. Türkmenistandan Russiýa we Türkiýä ýörite gatnawlaryň amala aşyryljakdygy bildiriş edildi. 14-nji aprelde «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Moskwa ugry boýunça uçuşy amala aşyrar, Turkish Airlines bolsa 22-nji aprelde Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika güni mynasybetli tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli iberen gutlag hatyny iberdi.

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we RF-niň ilçihanasynyň işgärleri Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

5. TSTB-2022 sergisiniň dowamynda türkmen hususy işewürleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen umumy bahasy 145 mln 398 müň 770 amerikan dollaryna barabar bolan 63 sany şertnama baglanyşdy.

Resminamalara gol çekmek dabarasy onlaýn görnüşde geçirildi.

6. Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi dörediler. Ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň aprelinde başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentýabrynda doly ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

7. Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi. Top 10-luga Motorola, ZTE, OnePlus, Sony Xperia we Google kompaniýalarynyň önümleri girdi.

8. «Fantastiki nägehanlar: Dambldoryň syry» kartinasynyň final treýleri çykdy. Reliz roliginde Albus Dambldor bilen Gellert Grin-de-Waldyň gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanylyşy görkezilýär. Gara jadygöý häkimiýet isleýär we ony islendik ýol bilen hem almaga taýýar. Filmiň premýerasy eýýäm birnäçe Ýewropa ýurtlarynda geçirildi we başlangyç dünýä prokatynda 58 mln dollar gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň