Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar

18:0112.04.2022
0
11165
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 14-nji aprelde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrar.

Ilçihananyň Telegram sahypasynda ýerleşdirilen habarda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň amala aşyrjak nobatdaky ýörite uçuşy 14-nji aprelde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça 10:00-da ýerine ýetiriler» diýlip bellenilýär.

Nobatdaky ýörite uçuş üçin petekleriň satuwy şu gün sagat 10:00-da «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edarasynda başlanar. Howa gatnawy üçin petekleriň bahasy 600 dollar. Ýolagçylar töleg baradaky anyk maglumatlary awiakompaniýanyň edarasyndan öwrenip bilerler.

Russiýa uçjak daşary ýurt raýatlarynyň ýanlarynda hökmany suratda 48 sagatlyk PSR-test barlagynyň negatiw netijenamasy bolmalydyr.

Ýörite uçuşdan peýdalanýan ýolagçylaryň soňky barmaly nokady Moskwa şäheri şäheri bolmadyk ýagdaýynda onda olar Russiýa boýunça üstaşyr petekleri «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan satyn alyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň