Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen 145 million dollardan gowrak 63 şertnama baglaşdy

23:5412.04.2022
0
15154

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de Birleşigiň maslahatynyň dowamynda türkmen hususy kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň baglaşyldy. Şunda Türkmenistanyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, şertnamalara wideoaragatnaşyk arkaly gol çekildi.

Şunuň bilen birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir.

Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýär. Sergi TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň