Top.Mail.Ru

Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi

18:0912.04.2022
0
5140

«Bankless Times» neşiri dünýäniň radioýygylyk şöhleliligi iň ýokary kuwwatlylykda bolan smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. Şöhleliligi has ýokary bolan Top 10 smartfonuň başyny SAR 1,79 Wt/kg ölçegli «Motorola Edge» kysymly smatfon çekýär. 4pda.to web saýtynyň bellemegine görä, onuň bu ölçegi FDA amerikan regulýatory tarapyndan maslahat berilýän ortaça kesgitli 1,6 Wt/kg derejesinden görnetin uludyr.

«Garşylyklaýyn sanawyň» ikinji basgançagyny 1,59 Wt/kg SAR görkezijili «ZTE Axon 11 5G» kysmy, üçünji orny bolsa «OnePlus 6T» smartfony (1,55 Wt/kg) eýleýär.

Bular bilen birlikde degişli sanawda «Sony Xperia XA2 Plus» we «Google Pixel 3 XL», «Google Pixel 4a», «OPPO Reno5 5G», «Sony Xperia XZ1 Compact», şeýle hem «Pixel 3» esaslyk görnüşli smartfonlary we onlugyň soňky ornunda bolsa «OnePlus 6» durýar.

Häzirki wagtda ylmy nukdaýnazardan seredilende, radioýygylyk şöhleleriniň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri barada hiç zat aýdylmaýar. Mysal üçin, 2G-den 4G aragatnaşyk tutuşy 0,7-2,7 GGs diapazonynda şöhlelendirse, 5G enjamlar 80 GGs ýygylygynda işläp bilýär. Beýle ýygylyklar bolsa ionlaýjy bolmaýar, olaryň kiçi göwrümli energiýasy bolsa onkologiýa keselleriniň döremegine esas bolup bilýän DNK-nyň üýtgemegi üçin ýeterlik däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň