Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky TSTB-2022 sergisine gelen raýatlar tölegsiz taksi hyzmatyndan peýdalandylar

17:1612.04.2022
0
7332

«Onlaýn taksi» hyzmaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we Birleşigiň maslahaty mynasybetli aksiýa çäresini yglan etdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalyna gelen raýatlar «Onlaýn taksi» hyzmatyny tölegsiz peýdalanmak mümkinçiligine eýe boldular. «Onlaýn taksi» hyzmaty raýatlara Söwda-senagat edarasyndan 10 kilometr uzaklyga çenli tölegsiz hyzmaty ýerine ýetirdi.

«Turkmenportal» web saýtynyň sergi diwarlygynyň golaýyndaky «Onlaýn taksi» bildiriş kagyzyndan raýatlar mobil goşundynyň QR koduny göçürip almak hem-de ony App Story we Google Playden öz ykjam telefonlaryna ýükläp alyp, şeýle-de 0655 gysga belgä jaň etmek arkaly taksi ulaglaryny sargyt etdiler.

Bellenilen ýagdaýda ulanyjylar ykjam goşundynyň üsti bilen özlerine hyzmat etjek awtoulag we onuň geljek wagty baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

«Onlaýn taksi» hyzmatynyň aksiýasy 12-nji aprelde başlady we ol sagat 18:00-a çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň