Aşgabatdaky «Gold Palace» we «Villeroy & Boch» dükanlary Oraza aýy mynasybetli arzanladyş yglan edýär

09:0901.04.2022
0
6442

Paýtagtda ýerleşýän «Gold Palace» we «Villeroy & Boch» dükanlary mukaddes Oraza aýy mynasybetli harytlaryna arzanladyş yglan edýändigini habar berýär.

Arzanladyş döwründe «Bvlgari», «Pasquale Bruni», «Korloff», «Roberto Coin» hem-de «Utopia» ýaly dünýä belli brendleriň bezegleri, ajaýyp sagatlary, şonuň ýaly-da «Villeroy & Boch» we «Kitchenaid» ýaly kärhanalaryň ýokary hilli gap-gaçlarynyň dürli görnüşleri amatly bahalardan alyjylara ýetiriler.

Arzanladyş 1-nji aprelden 10-njy maý aralygynda dowam eder.

Bahalaryň arzanladylmagy bilen bagly has giňişleýin maglumatlar dükanlaryň sosial media sahypalarynda beýan edilýär. Müşderiler bu mümkinçilikden arzanladyş döwrüniň dowamynda diňe bir gezek peýdalanyp bilerler.

Dükanyň müşderiler üçin döredýän mümkinçiligini habar bermek bilen, «Royal Palace Group» kompaniýasynyň hünärmenleri ähli musulmanlary ýetip gelen mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen mübärekläp, bu aýda eden dileg-dogalarynyň hasyl bolmagyny, işlerinde, täze başlangyçlarynda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýär.

«Goý, Allatagala Siziň ýürekleriňizi sabyrdan hem-de ýagşylykdan, pikiriňizi pähim-paýhasdan, mukaddes ojaklaryňyzy rahatlyk we bolelinlikden püre-pür etsin. Ähli aýlaryň içinde iň mukaddesi bolan Oraza aýynda eden haýyr-sahawatlaryňyz, ýardamlaryňyz we ýagşylyklaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!»

Habarlaşmak üçin:

SDAM "Berkarar", köçe 1972 (Atatürk), 80
+993 12 46 88 00
+993 61 86 57 75
www.royalpalace.tm

Şeýle-de-okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň