Aşgabatdaky «Gold Palace» şaý-sepleriň dükany dünýäniň tejribeli zergärleriniň ýasan bezeglerini hödürleýär

15:5929.03.2022
0
21516

Aşgabatdaky «Gold Palace» şaý-sepleriň dükany dünýäniň dürli künjeklerinden bolan tejribeli zergärleriň ýasan dizaýnerlik şaý-sepleriniň ajaýyp galereýasydyr. Bu ýerden Bulgari, Panerai, Zenith, Buccelati, Pasquale Bruni, Magerit, Roberto Coin, Korloff, Utopia, Carrera Y Carrera, Baccarat we Cristofle ýaly dürli meşhur markalaryň nusgawy zergärçilik sungatynyň hakyky ajaýyp eserlerini we möwsümiň iň moda şaý-seplerini tapyp bilersiňiz.

Görnükli şaý-sepleriň we sagatlaryň «Gold Palace» dükany «Royal Palace Group» kompaniýasynyň düzümine degişli bolup, 2015-nji ýylyň aprel aýynda açyldy. Dükan paýtagtyň häzirki zaman söwda merkezinde — «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýär hem-de Türkmenistanda öz alyp barýan işiniň çygrynda öňdebaryjydyr.

Bu ýokary derejeli brend harytlaryň köp dürli görnüşleri bilen «Royal Palace Group» kompaniýasynyň resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Zergärçilik önümleriniň dükanynyň hünär taýýarlygy ýokary bolan hünärmenleri size hödürlenýän önümler barada jikme-jik gürrüň bererler, şaý-sepleri saýlamaga ýardam edip, şaý-sep modasynyň täzelikleri bilen tanyşdyrarlar.

«Royal Palace Group» kompaniýasynyň esasy maksady — müşderileri üçin ýokary derejeli sazlaşykly we oňaýly durmuş şertini döretmek. Bu babatda dükanyň hünärmenleri şeýle belleýär: «Gowy islegler, stil hem-de her bir bölek zatlara has uly ähmiýet bermek biziň üstünligimiziň esasynda durýar.

Habarlaşmak üçin:

SDAM "Berkarar", köçe 1972 (Atatürk), 80
+993 12 46 88 00
+993 61 86 57 75
www.royalpalace.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň