Ertir Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlar

16:1930.11.2020
0
6440

Ertir Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara sergi öz işine başlar. Ol 12-nji dekabra çenli dowam eder.

Multimedia tehnologiýalaryna esaslanýan forum ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazananlaryny giňişleýin görkezmäge gönükdirilendir. Onda şu ugurlar boýunça diwarlyklar işlär:

  • söwda;
  • obahojalyk toplumy;
  • energiýa toplumy;
  • gurluşyk pudagy;
  • aragatnaşyk we ulag;
  • saglygy goraýyş, bilim we sport;
  • medeniýet;
  • ykdysadyýet we bank işi;
  • kanunçylyk;
  • welaýatlar;
  • daşary syýasat işjeňligi.

Şunuň bilen baglylykda, serginiň her güni ýokarda agzalan ugurlaryň birine bagyşlanar.

Her gün serginiň çäginde prezentasiýalar, ylmy we amaly maslahatlar, wideo konferensiýalar, «tegelek stellar» geçiriler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň