Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hökmany çäreler girizildi

13:1919.08.2020
0
49734

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrligi tarapyndan ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmegiň tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitriniň Buýrugynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurtda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek bellenildi.  

Şoňa laýyklykda, ýurtda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizmek; degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, şu Buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmek; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň ýurtda epidemiýa garşy sanitariýa (öňüni alyş) çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyryldy.

Şeýle-de bu Buýrugyň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan gününden herekete girizilýändigi bellenilýär. Bu Buýruk 18-nji awgustda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1371 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Şulary hem okamagy maslahat berýäris: 

Türkmenistanyň SG we DS ministrligi köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň SG we DS ministrliginiň metbugat gullugy howanyň gyzmagy bilen bagly maslahatlary berýär

Türkmenistanyň SG we DS ministrligi ýurda aralaşan tozanly howa akymy sebäpli agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär

Türkmenistanda pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň