Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginini saklamak, bu ugurda dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürlen degişli halkara başlangyçlaryny milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu Kararyň birinji böleginde görkezilen meýilnamany ýerine ýetirmek üçin Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.