Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň SG we DS ministrliginiň metbugat gullugy howanyň gyzmagy bilen bagly maslahatlary berýär

10:3409.07.2020
0
2544

Howanyň aşa gyzýan günlerinde ýaş çagalar we gartaşan adamlar ir säher bilen sagat 6 — 9 aralygynda, agşam 18 — 21 aralygynda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, tomus paslynyň talaplaryna laýyk geýnip çyksalar, gowy bolar ― diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ýazýar.

Adam yssy howadan salkyn öýe girende, hökman derlän eşigini gury eşige çalyşmaly, sowadyjynyň aşagyna kellesini, ýüzüni we petekesini tutmaly däl, sebäbi bu kelle beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklama, ýokary dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip sowuk suwuň aşagyna girmek, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy, dürli içgileri birbada içmek hem düýbünden gadagandyr. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleri ýaly keselleri ýüze çykarýar.

Üşemek, Günüň aşagynda köp bolmak — ikisem beden üçin howply ýagdaýdyr. Şol sebäpden, bu ýagdaýda mylaýym bally limonly çaý, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini içmeli. Çünki olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýar we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Düýe çalydyr agaran tomus paslynda bedene kuwwat beriji tagamlardyr

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň