Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň SG we DS ministrligi ýurda aralaşan tozanly howa akymy sebäpli agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär

10:3109.07.2020
0
4468

Soňky günleriň dowamynda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň çäklerine günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan aralaşan howa akymynyň täsiri bilen howada tozanyň agdyklyk edýän ýagdaýy hasaba alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr ― diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ýazýar.

Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin degişli çäreleri güýçlendirmek zerurdyr. Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri şeýle hem allergiýasy we dowamly keselleri bar bolan adamlar dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goraýyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň