Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gaz partlamasy boldy

12:4916.07.2019
0
54201

16-njy iýulda takmynan ir sagat 7:20 töweregi Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynda gaz partlamasy boldy. A.Niýazow köçesiniň, 1-nji geçelgesiniň 12-nji öýüniň, 2-nji korpusyndaky 4 gatly  jaýyň 4-nji gatynda bolan gaz partlamasy barada biziň habarçymyza Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň podpolkownigi Merdan Şamyradowiç Annagurdow gürrüň berdi:
— 4-nji gatda bolup geçen gaz atylmasy çak edilşine görä birikdiriji ulgamlardan gazyň syzmagy ýa-da howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmänligi sebäpli ýüze çykan bolmagy mümkin. Gyssagly kömek gullugy tarapyndan ejir çekenlere öz wagtynda kömek berildi. Halas ediş topary tarapyndan ýaralanan 7 adama lukmançylyk kömekleri berlip, iki adamyň ýaralanyp, olaryň şikeslerini bejermek üçin lukmançylyk merkezlerine ugradyldy. Emma ýogalan ýok. Partlamanyň bolan ýerinde ot öçürijileriň topary, raýat goranyş gullugy, hem tiz kömek işgärleri bar. Bu ýerde barlaglar güýçli depginde dowam etdirilýär. 
Wakanyň bolan ýerinde Aşgabat şäher häkimliginiň işçileri binada arassalaýyş we dikeldiş işlerini geçirýärler. Ejir çekenleriň haýyşyna görä, olaryň jaýlarynda dikeldiş işleri geçirilip, täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň