Germaniýanyň «Volkswagen AG» awtoulag öndürijisi 2024-nji ýylda ulaglarynyň satuwynyň 2,3 göterim azalandygyny habar berdi diýip, «Interfaks» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.
Özüne Skoda, Seat, Audi, Bentley, Lamborghini we Porsche kysymlaryny, şeýle-de MAN we Scania ýük ulaglaryny birleşdirýän toparyň umumy satuwlary bir ýyl öň 9,24 mln birlik bolanlygyndan 9,03 mln birlige çenli azaldy.
Şunda Günorta Amerikada ösüş gazanylandygy, ýagny kompaniýanyň awtoulaglarynyň satuwynyň geçen ýyl 14,7 göterim, 594,3 müň birlige çenli ýokarlanandygy aýdylýar.
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 3,2 mln ulag satyldy, bu öňdäki ýyldakydan 10,3 göterim azdyr. Kompaniýa ýagdaýy Hytaýdaky bäsdeşligiň ýokarydygy bilen düşündirýärler, netijede, bu ýurtda kompaniýanyň satuwlary 9,5 göterim pese gaçdy.
Elektrik ulaglaryň (BEV) satuwy hem agzalan döwürde 3,4 göterim, ýagny 744,8 müň birlige çenli azaldy.