Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Darbaz Dubaýdaky iki gökdiräniň arasynda 200 metr belentlikdäki ýüpden ýöredi

13:2114.01.2025
0
8626
Darbaz Dubaýdaky iki gökdiräniň arasynda 200 metr belentlikdäki ýüpden ýöredi
Surat: mir24.tv

Darbaz Ýaan Ruz Dubaý şäherindäki «Jumeirah Emirates Towers» binasynyň iki gökdiräniniň arasynda 224 metr belentlikde gerlen demir urgandan ýöräp geçdi.

Waka göýä darbaz howada ýöräp barýan ýaly duýgy döretdi diýlip, habarda bellenýär.

Estoniýaly Ýaan Ruz dünýäde belentliklerde gerlen ýüpden ýöremek boýunça üç gezek dünýä çempionydyr. Ol öň Bosfor bogazynyň bir tarapyndan beýleki tarapyna ýüpde ýöräpdi. Demir urgany şol gezek Stambuldaky Şehitler köprüsiniň direg sütünleriniň arasynda 165 metr beýiklikde çekdiler. Bu aralygy geçmek üçin darbaza 47 minut gerek boldy.

Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň