Soňky habarlar

Arhiw

So­ga­nyň saglyga peý­da­sy

0
8707

Düýp sogan gant, kalsiý we fosfor duzlaryna, kletçatka, organiki kislotalara, fermentlere, azotly maddalara baýdyr.

Soganda C witamininiň ep-esli mukdarda bolmagy sebäpli, ol singa keseline garşy iň gowy serişdedir.

Içege çişme kesellerinde, içgatamada soganyň täze şiresi oňat täsir edýär. Ony nahardan öň günde 3-4 gezek 1 çaý çemçeden içmek maslahat berilýär.

Sogan togalak soguljanlary bedenden çykarmak üçin hem peýdalanylýar. Şonuň ýaly halatlarda ony ajöze iýmek ýa-da soganyň suwa ýatyrylan erginini 3-4 günläp ýarym bulgurdan içmek maslahat berilýär.

Sogan iriňli ýaralara ýapylanda, olary arassalaýar we çalt bitmegine ýardam edýär.

Düýp soganyň düzüminde mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar — fitonsidler bardyr. Hut şonuň üçin hem sogan fitonsidleri bilen dümew zerarly döreýän burun dykylmasy bejerilýär.

Halk lukmançylygynda üwelen sogany ýa-da sogan şiresini saç düşende kelläniň derisine sürtüp çalmak arkaly saçy berkitmek usuly gadym wagtlardan bäri bellidir. Käte saçy berkitmek, şeýle-de goňagy aýyrmak üçin düýp soganyň gabygynyň suwda saklanan ergini hem ulanylýar.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 28.12.2020 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar