Soňky habarlar

Arhiw

Paýhas oýunlary bilen meşgullanýan türgenlere peýdaly önümler

0
3235

ХХI asyr ekologiki  meseleleriň, ýagny howanyň üýtgemegi, atmosfera zyňylýan galyndylaryň artmagy, bioritmiň üýtgemegi (caltlaşmagy), gibrid önümleriň köpelmegi bilen häsiýetlenýär. Babadaýhanlarymyz ilaty sagdyn iýmit önümleri bilen üpjün etmegiň aladasy blen zähmet çekýärler.  Iýmitlenmegiň esasy maksady – bedene zerur bolan energiýany  üpjün edip, ony maddy we ruhy taýdan goldamakdan ybaratdyr.  Dürli ýurtlarda öndürilýän iýmit önümleriniň hiline we mukdaryna köp sanly otrisatel faktorlar: ekerançylykda  ýadohimikat-pestisidleriň köp ulanylmagy, önümiň saklanyş sanitariýa – gigiýena düzgünlerini berjaý etmezlik, ýa-da olara goşulýan konserwantlar, boýaglar, ys berijiler we beýlekiler adama, has beterem ş çaga bedenine allergen, mutagen faktor bolup täsir edip biler. Şeýle-de ösen senagat şu gün bize taýýar ýarymfabrikatlary, pýureleri, şüleleri, miwe jemlerini-şerbetleri has hem köp hödürleýär.

Şeýle-de, tygşytly we ýokumly iýmitlenmek, iýmit rejesini kadaly gurnamak, güneşli diýarymyzda ýetişdirilýän gök önümleridir-datly miweleri yzygiderli iýmek – saglygy gorap saklamagy, keselleriň öňüni almagy, kadaly gomeostazy, tebigy ösüşi, adamyň yzygiderli ösýän fiziki we psihiki ýüke  uýgunlaşma çäginiň giňelmegine getirýän oňaýly täsirli  faktor hökmünde seredilýär. Akyl-paýhas oýny bilen meşgullanýan türgenlere zerur bolan esasy önümleriň sanawyny getirmegi makul bildik.

1. Suw. Adam bedeni 65-70% çemesi suwdan durýar. Suw bedende madda çalşygynyň kadaly geçmegi üçin gerek. Ol her agza gerek, aýratynam beýni üçin zerurdyr. Alymlar ýönekeý barlaglaryň dowamynda  suwsuzlygy duýýan adamlaryň logiki meseleleri çözmegi, bir-bir ýarym litr suw içip, çözenler bilen deňeşdirende test boýunça pes netijeleri gazandygyny tassyklaýarlar. Adama kadada agramyna görä, bir-gije gündizde 35 ― 50 ml/kg suw gerek.

2. Omega -3.  Doýgun däl ýag hasaplanýan Omega-3 ýag turşusy beýniniň kadaly işlemegi üçin örän ýaramlydyr. Bu ýaglar beýnä öýjükden-öýjüge geçirilýän impulslary ýollamagy  üpjün edýän  energiýany çalt  berýär, ol öz gezeginde çalt pikirlenmegi hem-de beýni gorundan maglumaty derrew almaga we ýada salmaga ýardam edýär. Netijede, ýatkeşlik we üns ýokarlanýar. Tebigatda Omega – 3 ýag toplumy balykda, hozda we zygyr ýagynda köp saklanýar.
3. Hoz. Ol proteine baý, protein öz gezeginde beýnini iýmitlendirýär. Aýratynam fyndyk,  badam, hoz ýaly iýmitler mekdep okuwçylaryň we talyplaryň gündelik iýmitiniň düzüminde bolmaly. Gan emele geliş we immun ulgama işjeňleşdiriji täsir edýär. Ondan başgada hoz lesitin atly madda baý, ol ýetmese bedende ýaýraň skleroz we beýleki nerw keselleri döräp biler.

4. Gök otlar. Gök otlary nahar iýlende däbe görä köp ulanýan halklar-milletler,  uzak ýaşaýaýjylarynyň köpdigine buýsanyp bilerler, şol bir wagtda gök otlary ýeterlik iýýänlerde akyl - huş garraýan çagyna çenli gowy saklanýar.  Ysmanak, şibit, arpabadyýan, petruşka, kinza, bazilik we beýlekiler düzüminde foliý turşysyny, E, K witaminleri saklaýar. Bu önümlerde saklanýan maddalar demensiýanyň (kemakyllygyň) ösmegine päsgel berýärler. Şeýle-de gök otlarda antioksidantlar saklanyp, olary ulanmak beýnini insultdan, Alsgeýmeriň we Parkinsonyň keselinden goraýar.    

5. Witaminler. В9 (sitrusda, çörekde, kösüklilerde, ary balynda) täze öýjükleriň emele gelmegi we olary sagdyn görnüşde saklamakda has ähmiýetlidir, çünki häzirki wagtda ylmy taýdan nerw öýjükleriniň hem edil beýleki öýjükler ýaly dikelýändigi subut edildi. В12 witamini (sianakobalamin) (bagyrda, ýumurtgada, balykda saklanýar)  garrylykda duşýan ýatkeşligiň ýitmesini, akyl - paýhasyň bulaşmasynyň öňüni alýar - duýdurýar, ýatkeşligiň dikelmegine ýardam edýär, aýratynam ol sport bilen meşgullanýan türgenlere has peýdalydyr.

6. Ýumurtga.  Ýumurtga sarysy – ol holiniň çeşmesidir, netijede beýniniň köp funksiýasy ösýär: düşünmek, tanamak, öwrenmek, göz ýetirmek, kabul etmek we maglumaty täzeden işlemek ýaly işler gowulanýar. Şonuň ýalyda ýumurtga (towuk we bedene) çagalaryň, ýetginjekleriň we türgenleriň wajyp iýmiti hasaplanylýar. 

7. Kofe, çaý. Ylmy barlaglaryň görkezişine görä, kofein ünsi we gysga wagtlaýyn ýatkeşligi gowulandyryp biler, kyn meseleleri çözmäge ünsi jemläp, reaksiýanyň geçişini çaltlandyrýar. Türgenlerde welin günüň dowamynda 15 mg (3 bulgurdan) mukdardan köp kofe ulanmak şertli doping hasaplanýar.  Elbetde ol çaý ýaly özboluşly lezzeti we işjeňligi döredýär.  

8. Alma. Almada saklanýan kwersetin diýen madda beýni öýjüklerini zeperlenmekden gorap saklanýar. Bu önümiň peýdaly maddalary onuň gabygynda hem köp saklanýar, şonuň üçin hem ony gabykly iýmek peýdalydyr.  

9. Şokolad. Bu önüm beýni üçin, esasanam şadyýanlygy, işe ukyplylygy döretmede örän ýaramlydyr. Şokolatda beýnä gerek gymmatbahaly maddalar:  glýukoza saklanýar, ol ýatkeşligi artdyrýar, akyl işjeňligini ýokarlandyrýar. Pikirlenmäge we netije çykarmaga oňyn täsir edýär.

10. Üzüm çigidi. Soňky döwürde köpsanly barlagçylar üzüm çigidiniň (aýratynam kişmişiň çigidi) gaýnatmasynyň, demlemesiniň pikirlenmek hadysasyna, gepiň baglanyşyklygyna, ünse we beýleki ýokary psihiki (ruhy) hadysalara oňyn täsir edýändigini belleýärler. Belli bolşuna görä, üzüm çigidinde adamyň garramagyna garşy täsirli antioksidant maddalar köp saklanýar. Şonuň üçin kişmiş ýa-da ter üzüm iýlende ony çigidi bilen iýmek has maksadalaýykdyr. Türkmen diýarymyzyň güneşe baý şertinde ýetişen üzümlerde bolsa antioksidantlar ýeterlik mukdarda toplanýar. Şeýlede diýarymyzda önýän gawundyr garpyz, käşirdir kelem, şugundyrdyr-turp we beýleki datly gök we miwe önümleri lukmançylyk nukdaý nazaryndan  aýratyn taryplanmaga mynasypdyr. Sanalan önümleriň ählisi diňe beýnini, däl eýsem bedeniň ähli agzalarynyň hem umumy ýagdaýyny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar