Soňky habarlar

Arhiw

Telewizor bilen telefony nädip baglamaly? (Screen mirroring)

0
6354

Köpimizde şular ýaly ýagdaýlar bolan bolsa gerek: öýde üýşmeleň wagty çagalarymyzyň ýa-da özümiziň başdan geçiren şatlykly pursatlarymyzy hemme kişä görkezmek isländiris. Şunuň ýaly ýagdaýlarda näme etmeli? Telefony bir-birden herkime geçirip elden-ele bermelimi?

Ýa-da täze öýe göçdüňiz we entek IPTV ýok, emma yzygiderli sypdyrman görýän serialyňyzy ýa-da futbol duşuşygyňyzy görmek isleýärsiňiz...

Şeýle ýagdaýlaryň çözümi - ykjam telefonyň “Screen mirroring” funksiýasyny peýdalanyp telewizora baglanmaklyk!

“Screen mirroring” we onuň maksady.

“Screen mirroring” (rus. “дублирование экрана”) – iňlis dilinden terjime edilende “ekrandaky maglumaty gaýtalamak, dublirlemek” manysyny berip, ykjam telefonlarda bar bolan peýdaly funksiýalaryň biri.

Maksady – ykjam telefonyň ekranynda görünýän ähli maglumatlary has uly ekranda, ýagny proýektor ýa-da telewizorlara simsiz görnüşde (“Wi-Fi”) baglanyp görkezmeklik.

“Screen mirroring” funksiýasyny haýsy enjamlarda ulanyp bolýar?

Internetdäki maglumatlara görä, ony “Samsung”, “Apple”, “Windows” ýaly ykjam telefonlarynda we planşetlerinde, şeýle hem soňky çykan telewizorlarda ulanyp bolýar.

Makalamyzda funksiýanyň “Samsung” ykjam telefonlarynda we telewizorlarynda ulanylşy barada gürrüň ederis.

"Screen Mirroring" funksiýasy Samsungyň şu modellerinde bardyr: Samsung Galaxy S9, Samsung Galaxy S8, Samsung Galaxy S7, Samsung Galaxy S6, Samsung Galaxy S5, Samsung Galaxy S4, Samsung Galaxy S III , Samsung Galaxy Note II, Samsung Galaxy Note 3, Samsung Galaxy Note 4, Samsung Galaxy Camera, Samsung 8” Galaxy Note, Samsung Galaxy Note 10.1”, Samsung Galaxy Note 10.1" 2014 Edition

“Screen mirroring” funksiýasyny telefonda we telewizorda nädip işletmeli?

Bu funksiýa ilki bilen telewizorda işledilmeli. “Screen mirroring” esasan hem 2013-nji ýyldan soň çykan, döwrebap (SMART) “Samsung” telewizorlarynda bar. Ony işletmek üçin,

1. telewizoryň pultundan “Source” (terj. “çeşme”)  düwmesine basmaly.

2.   “Screen mirroring” diýen ýazgyny saýlamaly.

3. Telewizor 2 minudyň dowamynda özüne ykjam telefonyň baglanylmagyny garaşýar.

Soňra, funksiýa “Samsung” ykjam telefonynda işledilmeli, ony işletmek üçin bolsa ykjam telefonyň ekranynyň ýokarsyndan barmak bilen ýokarky menýuny çekmeklik ýeterli. Ýokarky menýuda “Screen mirroring” ýa-da “SmartView” ýazgysy çykar, şol ýazga basmaly.

Netijede, iki sany enjam biri-biri bilen baglanyşar we telefonyň ýüzündäki ähli maglumatlar telewizorda hem görüner.

“Screen mirroring” funksiýasyny nirelerde ulanyp bolar? Onuň amatly taraplary.

  • Telefonyňyzda filmler we suratlar bar bolsa, telewizora baglanyp, has uly ekranda görüp bilmeklik.
  • Telefonyňyzdaky zerur programmalarda işlenilende (meselem “Word”, “Excel”, dürli dizaýn programmalary), telewizora baglanyp has uly ekranda işlemeklik.
  • Telefondan kitap okalanda ýa-da internet saýtlaryndan habarlar okalanda telewizora baglanyp, uly ekranda okap bilmeklik.
  • Öýüňizde telewizor ýa-da IPTV ýok bolsa, telefonuňyzda hem teleýaýlymlar bar bolsa (meselem TMCELL MOBILE TV), ony telewizora baglap görüp bilmeklik.

Bulardan başga-da, bu funksiýa barada bilýän maglumatlaryňyz we nirelerde ulanyp bolýandygyny bilýän bolsaňyz biz bilen paýlaşyň, biz hem öz gezegimizde ony okyjylarymyzyň dykgatyna ýetireris.

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar