Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öý internetiniň nyrhnamasyny nädip çalyşmaly?

0
96135

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we Aşgabat şäher telefon ulgamy Türkmenistanyň çäginde internetden peýdalanmakda nyrhnamalarynyň bahalaryny arzanladar hem-de aragatnaşyk ulgamynyň tizligini ýokarlandyrar.

Öý internetiniň täze nyrhnamalary:

  • 1 mbit/sek — 150 manat;
  • 2 mbit/sek — 180 manat;
  • 4 mbit/sek — 230 manat;
  • 6 mbit/sek — 280 manat.

512kbit/sek tizlikli nyrhnamadan peýdalanýan müşderiler awtomatik usulda 1 mbit/sek tizlige geçiriler.

Internet nyrhnamasyny iki usulda çalşyp bolýar.

1-nji usul — Aragatnaşyk gullugyna baryp çalyşmak

Bu usul «Türkmentelekom» we AŞTU-nyň resmi saýtlarynda ýerleşdirilen «Şahsy otagy» gowy we düşünip ulanyp bilmeýän müşderiler üçin örän amatlydyr. Aragatnaşyk ulgamynyň merkezine baranyňyzda ýanyňyz bilen pasportyňyzy hem-de hyzmat şertnamasyny almagy ýatdan çykarmaň. Merkezi edarada öý internetiniň nyrhnamasyny çalyşmak üçin arza ýazmalydyr. Nyrhnama girizilen üýtgeşmeler geljekki aýyň 1-inden ýola goýlup başlanar. Ýagny, siz arzaňyzy 28-nji fewralda ýazan bolsaňyz, onda nyrhnama aýyň 1-inden başlap hasaplanylýar.

2-nji usul — Şahsy otagda çalyşmak

Eger siz nyrhnamany oturan ýeriňizden, hiç bir ýere gidip arza ýazmazdan çalyşmak isleýän bolsaňyz, onda muny «Şahsy otagyň» kömegi bilen edip bilersiňiz.

Bu nädip amal edilýär:

Ilki bilen, hyzmatlary we gurluşlary dolandyrmak üçin AŞTU-nyň saýtyndaky «Şahsy otagda» hasaba alynmaly. «Şahsy otaga» girmek üçin PIN belgini almakda bolsa öý telefonuňyzdan 084 belgä jaň edip, berlen PIN belgini degişli öýjüge ýazyň. Soňra «Şahsy otaga» giriň. Mundan soň bolsa, telefon belgisi görkezilen sahypa çykar we şol ýerde hem «Nyrhnamany çalyşmak» diýen salgylanma basmaly. Täze nyrhnamalary özünde jemleýän täze sahypa ýüklener. Bu ýerden özüňize gerek bolan nyrhnamany saýlap, «Çalyşmak» düwmesine basmaly. Görnüşi ýaly, munda bary-ýogy birnäçe düwmä basmak arkaly hiç bir ýere gitmezden nyrhnamany çalyşmak bolýar.

Edil şunuň ýaly mümkinçilikler «Türkmentelekom» EAK-yň resmi web saýtynda hem elýeterlidir.

Internetiň nyrhnamasyny çalyşmak üçin 1 manat möçberinde ýygym tutulýar.

Eger täze nyrhnama geçirilmeli hasabyň möçberi kesgitlenen tölegiň bahasyna ýetmeýän bolsa, onda interneti birikdirmek üçin hasaby doldurmak maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar