Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» bilim merkezi: Çagalar üçin robototehnikanyň nazaryýeti we amalyýeti

0
42583

Sanly tehnologiýalar kem-kemden biziň durmuşymyzyň ähli pudaklaýyn ugurlaryna doly ornaşyp barýar. Hatda ozal adam elleri bilen edilen birnäçe lukmançylyk operasiýalary hem indi robotlara ynanylýar. Robotlar adama ýerine ýetirmesi has kyn bolan işlerde, örän çylşyrymly ýerlerde, has dürslügi talap edýän bir depginli proseslerde giňden ýardam edýär. Robotlaryň senagatda we elektrotehnikada ulanylmagy bolsa adamyň soňky gelip çykýan netijä bolan gatnaşygyny azaldyp, önümiň harajadyny tygşytlaýar we adamyň zähmetini örän ýeňilleşdirýär.

Robotyň talap edilýän işi dogry ýerine ýetirmegi üçin onuň diňe bir işlenip taýýarlanylmagy däl-de, eýsem programmirlenmegi-de zerurdyr, şonuň üçin häzirki zaman biliminiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biri robototehnika pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamakdyr. Adam robototehnikanyň ýörelgeleri bilen näçe ir tanşyp bilse, geljekde-de bu ugurdan ökde hünärmen bolmaga has ýakyndyr.

Türkmenistanda geljekde robot döretjek hünärmenleri taýýarlamak babatda 2019-njy ýylda açylan «ImdatBot» çagalar robototehnika bilim merkezi tarapyndan işler alnyp barylýar. Bu ýerde robotlary döretmegiň we dolandyrmagyň esaslary, şeýle hem programmirlemegiň ýörelgeleri 7 ýaş we ondan uly mekdep okuwçylary tarapyndan öwrenilýär. Ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda bu ýerde her toparda okaýan çagalaryň sany 10-dan geçmeýär, bu bolsa her okuwça özbaşdak çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Okuw sapaklary robototehnikanyň we programma üpjünçiliginiň häzirki zaman tendensiýalaryna esaslanýan ösen okuw tehnologiýalaryny ulanyp, ýönekeýden-çylşyrymla yzygiderlilikde geçirilýär. «ImdatBot» merkezinde sapak berýän mugallymlar diňe bir maglumat tehnologiýalary we robototehnika ugurlaryndan tejribeli däl-de, eýsem çagalar bilen işlemekde zerur bolan pedagogiki bilimlerdir başarnyklara-da eýedirler.

«ImdatBot» bilim merkezinde takyk we ynsanperwer ylymlaryň utgaşmasyna esaslanýan häzirki zaman STEAM okuw usulyýeti ulanylýar. Bu hili ulgama laýyklykda, okuwlar «ylym», «tehnologiýa», «inženerçilik» we «matematika» ugurlarynda alnyp barlyp, şol bir wagtyň özünde bu sanawa «sungat» ugry hem goşulýar. Şeýle simbioz diňe bir ylmy, matematiki pikirlenmäniň takyklygyny däl-de, eýsem döredijilik ukyplaryny, meseläniň çözülmegine berk logiki nukdaýnazardan we döredijilik potensialyny ulanmak bilen çemeleşmäge mümkinçilik berýär.

Sapaklarda okuwçylar kompýuterleri ulanmak bilen, 3D printerde we lazer esasly kesiji maşynda işlemek arkaly başarnyklaryny ösdürýärler.

Iň ýaş öwreniji çagalar «Scratch» dilinde programmirlemegiň esaslary bilen tanyş edilýär. Olar «Codey Rocky» roboty bilen işläp, has ýönekeý dolandyryş hereketlerini ýerine ýetirýärler. Has ulurak ýaşly we ýakyn geljekde tejribeli robot ýasaýjy hünärmenler boljak öwrenijiler «Scratch» dilini ulanmak arkaly «mBot» robotyny programmirleýärler. Bu ýerde okuwyň ýokary derejeleri roboty döretmegiň ýörelgelerine we işleýşine düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu okuwlaryň ählisi amaly ylymlaryň bu ugruny ýokary hünär derejesinde oňat özleşdirmäge mümkinçilik berýän robototehnikanyň esaslary baradaky bilimleri kämilleşdirýär.

«ImdatBot» merkezinde okamak ýöriteleşdirilen sapaklar bilen çäklenmeýär. Okuw merkezinde öwreniji ýaşlar üçin wagtly-wagtyna toparlaýyn ýaryşlar — «robotlaryň söweşleri» guralýar. Oňa gatnaşyjylar bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmek bilen, robotlaryny belli bir hereketleri etmäge mejbur edýärler.

Çaga geljekde öz durmuşyny robototehnika bilen baglanyşdyrmak islemeýän bolsa-da, onuň esaslaryna, işleýiş ýörelgelerine, robotlaryň gurluşyna we ýygnalyşyna düşünmek oňa gündelik durmuşda hem peýdaly bolup biler. «ImdatBot»-da öwrenilýän matematiki, algoritmiki we inženerçilik pikirleniş endikleri, mehanikanyň käbir ýörelgeleri, şeýle hem programmirlemegiň esaslary islendik adam üçin dürli ýagdaýlarda ähmiýetlidir.

Okuwlar barada has giňişleýin maglumatlary almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52 we (+993 62) 90 00 69.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar