Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

3D-printer: ol nähili işleýär we nämelerden durýar

0
79837

Ofislerde we dürli işlerde, şeýle-de öýde ulanylýan printerleriň esasy wezipesini — kompýuterdäki resminamalary çap etmekde ulanylýandygyny hemmämiz bilýäris. Edil şonuň ýaly-da, 3D printer barada köpimiziň habarymyz bolsa-da, onuň nähili işleýändigini we nähili zatlary çap etmekde peýdalanylýandygyny bilmeýäris.

Has ýönekeý dilde aýdylanda, 3D printer islendik üç ölçegli obýektleri döretmäge — mehanizmiň düzüm bölekleri, skeletiň süňkleri, titanly implant ýa-da protez, gaz turbinasynyň elementleri, keramiki gap-gaçlar, öýleriň maketleri, kiçi etrapçalaryň maketleri, oýnawaçlar, barokko stilinde uly bolmadyk heýkeljikler, köwüşler we beýlekiler ýaly zatlary ýasamaga mümkinçilik berýär. Hatda 20 sagadyň dowamynda uly bolmadyk öýleri döredip bilýän 3D printerlerem bar.

Awiasiýa, maşyn gurluşygy we kosmos senagaty hem 3D printerlerde işlemegiň mümkinçiliklerini işjeň öwrenýän pudaklardyr. Bu babatda ýakynda Ilon Maskyň eýeçilik edýän kompaniýasy kosmos gämisini kosmosa uçurmagy meýilleşdirýär we onuň käbir düzüm bölekleri 3D printerde çap ediler. ABŞ-da harby uçarlaryň ýelken elementleri bu enjam arkaly birnäçe sagadyň içinde ýasalýar. Şeýlelikde, 3D printeriň mümkinçilikleriniň çäksizdigini aýdyp bileris.

3D printeriň «hiç zat» ýok ýerden bir zatlary ýasamagy üçin çap ediljek zadyň sanly 3D modeli gerek bolýar. Printeriň çap ediş işini ýeňilleşdirmek üçin sanly model kesilen gatlaklara bölünýär, olaryň galyňlygy bolsa, bir çap edilen gatlagyň galyňlygyna laýykdyr. Ýörite programmalary ulanmak arkaly kompýuterde sanly model ýa-da 3D çyzgy döredilýär, soňra faýl STL görnüşinde ýatda saklanylýar. Geljekki önümiň dykyzlygy görnüşinde gurluşlar (parametrler) girizilýär, şondan soň 3D printer özüne berlen 3D modele laýyklykda gerekli bolan obýekti döredip başlaýar.

3D printerde plastmassa ýa-da fotopolimerlerden öndürilýän önümler aşakdaky ýaly usullarda çap edilýär: meýilleşdirilen model alynýança materiallaryň gatlaklary biri-biriniň üstüne goýulýar. 3D printerde zat ýasamak üçin fotopolimerlerden we plastmassadan başga-da, metal poroşok we metal toýun ulanylýar.

3D printeriň özi, aslynda, programma arkaly dolandyrylýan adaty enjam bolup, birnäçe bölekden durýar:

  • materialy gerek bolan göwrüme çenli gyzdyrýan, gerekli mukdary ölçeýän we inçe sapak görnüşinde çykýan materialy gysýan ekstruder (çap ediji gurluş);
  • täze obýektiň ýasalýan iş stoly;
  • çap etmäge jogap berýän bölekleri herekete getirýän çyzykly we basgançakly hereketlendiriji;
  • hereket edýän bölekleri çäklendirýän fiksator.

Material ekstruderden diametri 50-den 300-e çenli mikron galyňlykda (mysal üçin, adam saçynyň galyňlygy 80-100 mikron) inçe sapak görnüşinde çykarylýar. Bu sapak näçe inçe bolsa, taýýar model şonça-da asyl nusga meňzeş bolýar, ýogsam 3D printerde çap edilen zatlaryň köpüsiniň ýüzi birneme gödeksi görünýär. Soňra önümiň bu kemçiligi adaty reňkleme bilen aýrylýar.

Adaty ofis printerinden tapawutlylykda, 3D printer zatlary birnäçe sekuntda däl-de, ululygyna baglylykda birnäçe sagatda ýa-da birnäçe günüň dowamynda döredýär.

3D printerleriň mümkinçilikleri we ulanylýan ýerleri wagt geçdigiçe has-da giňeler. Geljekde olaryň eşikleri öndürmek bilen, köp sanly tikinçilik enjamlarynyň, tikin maşynlarynyň, hatda naharlary «çap etmek» esasynda aşpezleriň hem ornuny tutmagy örän ähtimaldyr.

Peýdalanylan çeşmeler: zoom.cnews.ru; gb.ru; vektorus.ru; gagadget.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar