Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zenan tennis ýyldyzlarynyň öňlerinde goýan maksady öňdeligi eýelemek

0
2745

2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýaryşa gatnaşjak Türkmenistanyň zenan tennisçileri öz ýurtlarynyň taryhynda yz galdyrjak ýeňişleri gazanyp, ata watanlarynyň adyny hasam belende götermek isleýärler.

Köp ugurly sport çäresinde ýer eýesi bolan ýurt Tennis toplumynda geçiriljek ýapyk binalarda oýnalýan tennis ýaryşyna gatnaşjak sekiz oýunçydan ybarat toparyň agzalarynyň atlaryny yglan etdi. Anastasiýa Prenko, Güljan Muhammetgulyýewa, Jahan Baýramowa, Maral Ahmedowa, Selbi Ataýewa, Diana Bezrutzenko, Arzuw Klyçewa hem-de Gülnäz Rahimowa öz watanyna şanly ýeňişleri gazandyrmak üçin gujur-gaýratyny görkezerler.

Anastasiýa, Güljan we Jahan olaryň arasynda iň tejribeli oýunçylar. Anastasiýa bolsa ilkinji gezek 2007-nji ýylda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan gurnalan, Gyrgyzystanda we Özbegistanda ýaşlaryň arasynda geçirilen tennis ýaryşynda ýekelikde hem-de jübütleýin görnüşde çärýek finala galyp, uly üstünlik gazandy. Ol bu şowly çykyşy üçin heniz ýaş wagty “Türkmenistanyň iň uly tennis ýyldyzy” diýlen ada mynasyp boldy.   

“Men bu sport bilen 18 ýyldan bäri işjeň meşgullanýaryn. Geçen ýyllara seredip otursam, durmuşyň meni öz ýurdumyzda geçiriljek şeýle abraýly çärä taýynlandygyny duýýaryn. Aşgabatda geçiriljek Oýunlarda diňe altyn medal almagy maksat edinýärin. Bu meniň şäherim, şonuň üçinem şowly çykyş etmek isleýärin”  diýip, 24 ýaşly türgen gürrüň berdi.

Anastasiýanyň tejribeli oýunçy hökmünde özüni ynamly alyp barmagy we geplemegi ýöne ýere däl. Onuň 19 gezek Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň kubogyna eýe bolmagy hem tötänden bolmasa gerek. Ol 2008-nji ýylda heniz 15 hem ýaşamanka Singapuryň Ann Lim Hui atly oýunçysyndan üstün çykyp, federasiýasynyň kubogyny gazanan iň ýaş türkmen türgenidir.

Onuň Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň ýekelikdäki tennis boýunça basgançagyndaky orny 2010-njy ýylda 536-njy bolan bolsa, 2011-de bu görkeziji 529-njy orna çenli gelip ýetdi. Anastasiýa bolsa iň gowy netijäniň mundan soň boljakdygyna, ýagny sentýabr aýynda öz ildeşleriniň öňünde has üstünlikli çykyş etmegi bilen geljekdigine ynanýar.  

“Biziň maşgalamyz türgenlerden doly” diýip ol aýdýar. “Meniň kakam Anatoliý Prenko futbolçy bolan. 40 ýaşly doganym Wladislaw bolsa basketbolçy bolan. Ýöne men hemişe tennisi halaýardym we ene-atama bu ugurda ökdelemek isleýändigimi aýtdym. Olar ol diýen göwnemediler. Ahyry ene-atam maňa bu ugurda bir ýyllap synanyşmaga rugsat berdiler, ýöne men hiç haçan tennisi taşlamadym. Öz gelen netijäm barada bolsa ökünemok.”  

Anastasiýanyň topardaşy Güljan barada aýdanymyzda bolsa, Aşgabat 2017-niň Açylyş dabarasy onuň ýüreginde uly orun eýelär. Emma ol muňa begenjegini ýa-da gynanjagyny bilenok. 

“Sentýabryň 17-sine meň 21 ýaşym dolýar, şeýle-de şol gün Oýunlaryň açylyş dabarasy geçirilýär. Ýöne ýapyk binada geçirilýän tennis ýaryşlarynyň bir gün ir başlaýandygy üçin, doglan günümde oýun oýnamaly bolmagym ahmal. Açylyş dabarasyna ýetişip biljegim gümana. Meniň ol barada garyşyk duýgularym bar.”

Ýakynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen IV Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşan toparda çykyş eden Güljan iň gowy netijäni görkezmek üçin irginsiz türgenleşýändigini hem belledi.

“Men günde iki gezekden hepdede bäş gün Aşgabat stadionynyň daşyndaky meýdançalarda türgenleşýärin. 12 ýaşly oglan jigim Resul hem tennis oýnaýar. Ol maňa iň uly goldawy berýär we meni her gün has köp türgenleşmäge iterýär” diýip gürrüň berýär.

Şeýle-de, 19 ýaşly Jahan hem geljekde has uly üstünlikler üçin ýörite taýynlanylýan ýerli oýunçylaryň biridir. Ol Olga Babaýanyň tälimçilik etmeginde Aşgabat 2017 oýunlarynda 2014-njy ýylda aradan çykan atasy Durdy Baýramowyň ýagty ýadygärligi üçin öz netijeli oýny bilen haýran galdyryjy täsiri galdyrmak isleýär.  “Men Aşgabatda geçiriljek ýaryşlarda medal gazanmak isleýärin, atam muňa diýseň begenerdi” diýýän Jahan ýetmek isleýän üstünligi barada uly umyt bilen aýdýar.

Ýapyk binalarda geçirilýän tennis ýaryşlary Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän Tennis toplumynda 16-26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar